Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abdulmanap Nurmagamedow: Türkmenistan meniň ikinji Watanym (WIDEO)


Özüne “Bürgüt” lakamyny alan Habib häzir UFC-niň ýeňil agram kategoriýasynyň çempionydyr.

Garyşyk söweş tärleri boýunça meşhur türgen Habib Nurmagamedowyň kakasy, belli tälimçi Abdulmanap Nurmagamedow Türkmenistany özüniň ikinji Watany atlandyrdy.

Internetde peýda bolan wideoda Abdulmanap Nurmagamedowyň türkmenlere ‘salam’ ýollaýan we ýaşlygynyň belli bir böleginiň Türkmenistanda geçendigini aýdýan pursatlaryny görkezýän wideo peýda boldy.

Ýeri gelende ýatlatsak, Russiýanyň Dagystan respublikasyndan bolan Abdulmanapyň ogly – Habib häzir Amerikanyň promouşeny Absýolýut Söweş Çempionatynyň, ýagny UFC-niň çäklerinde çykyş edýär. Ol professional hökmünde geçiren 27 duşuşygynyň ählisini ýeňdi.

Özüne “Bürgüt” lakamyny alan Habib häzir UFC-niň ýeňil agram kategoriýasynyň çempionydyr. Şu aýyň başynda 30 ýaşly Habib irlandiýaly meşhur türgen Konor Makgregordan üstün çykyp, özüniň çempionlyk titulyny gorapdy. Şol duşuşyk, käbir kommentatorlar tarapyndan, UFC-niň taryhyndaky iň uly we düşewüntli çäre hökmünde häsiýetlendirdi.

Şu aýyň başynda 30 ýaşly Habib irlandiýaly meşhur türgen Konor Makgregordan üstün çykdy.
Şu aýyň başynda 30 ýaşly Habib irlandiýaly meşhur türgen Konor Makgregordan üstün çykdy.

Habibiň ilkinji tälimçisi kakasy Abdulmanap boldy. Ol häzir hem ogluny geçirmeli duşuşyklaryna taýýarlaýar.

Habibiň çykyşlaryndan we sosial ulgamlarynda galdyrýan ýazgylaryndan çen tutsaň, onuň kakasy bilen juda ýakyn gatnaşyklarynyň bardygyny, oňa uly hormat goýýandygyny aňsa bolýar.

Çarşenbe güni internetde peýda bolan wideoda 55 ýaşly Abdulmanap Nurmagamedow Gyzylarbatda, ýagny häzirki Serdar şäherinde iki ýyl gulluk edendigini hem belläp geçýär.

Rus prezidenti Wladimir Putin Abdulmanap we Habib Nurmagamedowlar bilen duşuşýar.
Rus prezidenti Wladimir Putin Abdulmanap we Habib Nurmagamedowlar bilen duşuşýar.

Galyberse-de, Russiýanyň at gazanan tälimçisi Abdulmanap wideoda “ýakynda” Türkmenistana barjakdygyny hem sözüne goşýar.

Emma, belli tälimçiniň dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän Türkmenistana ýeke özüniň, ýa-da çempion ogly bilen barjakdygyny, umuman, bu planlaryň nä derejede hakykata bap gelýändigini beýleki garaşsyz we resmi çeşmelere tassyklatmak başartmady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG