Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda çörek önümleri we import edilýän un gymmatlaýar


Türkmenistanyň döwlete degişli dükanlarynda un tas satylmaýan mahaly, paýtagtyň bazarlarynda we hususy eýeçilikdäki dükanlarynda Orsýet hem-de Gazagystan ýaly daşary ýurtlarda öndürilen unuň bahasy barha gymmatlaýar.

“Mundan bir hepde çemesi ozal Aşgabadyň “Mir” bazarynda daşary ýurtda öndürilen 45 kilogramlyk bir halta un 280-300 manat aralygynda satylan bolsa, häzir 370 manada durýar. Eger birde köpräk haltasyny satyn alsaň, onda ony 340-350 manada berýärler. Gazagystanda öndürilen unuň 1 kilogramy öň 6 manat 50 teňňe bolan bolsa, häzir 8 manatdan satylýar. Orsýetde öndürilen “Tsar” atly unyň 1 kilogramy 12 manat 50 teňňe bolan bolsa, indi 13 manatdan satylýar” diýip, aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Türkmenistanda bolup geçýän wakalara ýakyndan syn edýän synçy Bugaýew soňky bir hepdäniň dowamynda bu unlaryň satuwdaky görnüşleriniň hem azalandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Galyberse-de, daşary ýurtdan import edilen unuň bahasynyň gymmatlamagy we onuň görnüşleriniň azalmagy öýünde çörek bişirip, ony Aşgabadyň bazarlarynda satýan satyjylaryň hem çöregiň bahasyny gymmatlatmagyna we olaryň görnüşlerini azaltmagyna getirdi.

Ahal welaýatynyň Abadan şäherçesinde un satyn almak üçin nobata duran adamlar. 16-njy oktýabr, 2018 ý.
Ahal welaýatynyň Abadan şäherçesinde un satyn almak üçin nobata duran adamlar. 16-njy oktýabr, 2018 ý.

“Süýde ýugrulan çörek satylýardy. Ol bolup bilse 400-450 gramlyk tamdyr çöregi. Şonuň bahasy hem 5 manatdandy. Häzir [satyjylar] şol 5 manatlygam çykaryp, satyp bilemizok diýýärler. “Sebäbi un gaty gymmat, onsoň 5 manatdan satsak, girdejimiz bolanok. Ony 6 manat – 6 manat 50 teňňeden satsak, aljak adam barmy ýokmy? Ony bilýän adam ýok. Şonuň üçin ony bişirmegi bütinleý goýbolsun etdik” diýýärler. Süýde ýugrulmadyk çörekler hem ýukaldy. Olaryň iň arzany 3 manatdan satylan bolsa, geçen hepdäniň ahyryndan şu hepdäniň başyndan bäri onuň bahasy hem 4 manada çykdy. Beýleki 4 manatdan satylan çörekler bolsa 5 manada çykdy” diýip, Bugaýew belledi.

Mundanam başga, öýde dograma etmek üçin niýetlenen, agramy ortaça 650-700 gramlyk petir çörekleriň hem bahasy gymmatlap, 5 manatdan 7 manada ýokarlandy.

Türkmenistanda daşary ýurtlarda öndürilen unuň we çörek önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy, döwlet dükanlarynda unuň satylmaýandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Şu hepdäniň başynda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky, Lebapdaky, Balkandaky habarçylary we Daşoguzdaky çeşmesi döwlet dükanlarynda unuň tapdyrmaýandygyny, “un satylar” diýen umyt bilen, adamlaryň günde diýen ýaly döwlet dükanlarynyň öňünde uly nobatlary emele getirýändigini habar beripdiler.

Türkmenistanda azyk nobatlarynda barha köp nägilelikler eşidilýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:05 0:00

Daşoguzdaky çeşmämiz welaýatyň un zawodunyň öňündäki adamlaryň üýşmeleňinden ýaňa, bu ýere barar ýaly däldigini, unuň iki günden bäri satylmaýandygy sebäpli bazarlarda, hususy dükanlarda çöregiň hem tapdyrmaýandygyny gürrüň beripdi.

Azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň fonunda, ýurtda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy hem gaýtadan ýokarlanýar. Geçen hepde paýtagtda 1 amerikan dollary “gara bazarda” 19-20 manat aralygynda satylan bolsa, häzirki wagt ony 20-21 manat aralygynda satyn alsa bolýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada mesele gozgalmaýar. Muňa derek prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli metbugata azyklyk galla garaşsyzlygyny wagyz etmegi ündeýär.

12-nji oktýabrda geçirilen hökümet mejlisinde prezident: “[Ösüşleri] anyk mysallar arkaly açyp görkezmek üçin ýeterlik mümkinçilik bar. Hususan-da, azyklyk galla bilen özümizi üpjün edendigimizi... giňden beýan etmek üçin mysallar köp” diýdi.

XS
SM
MD
LG