Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz prezidentiniň ýarany gözlenýänleriň sanawyna goşuldy


Ikramjan Ilmiýanow
Ikramjan Ilmiýanow

Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýewiň ýaranlarynyň biri Ikramjan Ilmiýanow korrupsiýada gaýybana aýyplanyp, gözlenýän adamlaryň sanawyna goşuldy.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet Komitetiniň beren maglumatyna görä, prezidentiň ozalky maslahatçysy we prezident diwanynyň başlygynyň orunbasary bolan Ilmiýanow iýun aýynda ýurdy terk edipdir. Onuň häzir nirededigi näbelli bolmagyna galýar.

Atambaýew geçen ýylyň noýabrynda häkimiýetden gidipdi. Şondan bäri onuň we häzirki prezident Sooronbaý Jeenbekowyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynly bolmagyna galýar.

Ozalky premýer-ministr Jeenbekow häkimiýet başyna geçenden soň, Atambaýewiň ýakyn ýaranlarynyň ikisi, ýagny ozalky premýer-ministrler Sapar Isakow we Jantoro Satylbaldiýew iýun aýynda korrupsiýa aýyplamalarynda tussag edilipdiler.

Aprelde Jeenbekow Atambaýewiň ýaranlarynyň ençemesini, şol sanda baş prokuror Indira Joldubaýewany we milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Abdil Segizbaýewi wezipelerinden boşadypdy. Segizbaýew oppozisiýa syýasatçylaryna we garaşsyz žurnalistlere basyş etmekde tankytlanypdy.

Soňky aýlarda käbir gyrgyz syýasatçylary Atambaýewiň häkimiýet başyndaky soňky kararlaryny derňemäge çagyrdylar.

Galyberse-de, oktýabrda ýurduň Konstitusion sudy ozalky prezidentleriň eldegirmesizlik haklarynyň Konstitusiýa çapraz gelýändigi barada höküm çykarypdy.

XS
SM
MD
LG