Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Göreş boýunça Dünýä çempionatynda Türkmenistandan dört pälwan çykyş eder


Türkmen pälwany Batyr Borjakow Aziýada oýunlarynda gazak türgeni bilen göreşýär. Jakarta, Indoneziýa. 19-njy awgust, 2018 ý.

Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçýän göreş boýunça Dünýä çempionatynda Türkmenistandan dört pälwan öz güýjüni synap görer.

20-28-nji oktýabr aralygynda geçýän çempionatda erkin göreş boýunça 70 kg agram derejesinde Batyr Borjakow, 79 kg agram derejesinde Döwletmyrat Orazgylyjow; greko-grim göreşi boýunça ýetginjekleriň arasynda 67 kg agram derejesinde Seýdulla Tazaýew we 77 kg derejesinde Şermet Permanow dagy çykyş ederler.

Çempionata dünýäniň 114 döwletinden 860-dan gowrak pälwan gatnaşýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG