Owganystanda 20-nji we 21-nji oktýabrda ýurtda mejlis saýlawlary geçirilýär. Türkmenleriň halk wekilligine dalaşgärleri hem bu saýlawda bäsleşýärler.
Türkmen diasporanyň wekilleri we aktiwistler ýurtdaky saýlaw nokatlarynda türkmenlere wezipe berilmeýändigini, hat-da paýtagt Kabul ýaly ýerde hem türkmenleriň saýlawçy sanawyna adynyň ýazylmandygyny öňe sürýärler.
Eýsem, Owganystandaky saýlawda türkmenler nähili ýagdaýlary başdan geçirýärler? Türkmen saýlawçylara päsgel berýän nähili ýagdaýlar bar?
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Owganystanda geçirilýän mejlis saýlawyna gatnaşýan türkmenleriň başdan geçirýän ýagdaýlaryna gönükdirýär.
Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky foruma teswir görnüşinde galdyryp bilersiňiz.
Teswirleri gör (1)
Has köp teswir ýükle