Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp, Erdogan saudi žurnalistiniň ölümi barada doly düşündiriş talap edýärler


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan geçiren özara telefon söhbetdeşliginde Haşoginiň Saud Arabystanyň ilçihanasynda öldürilmegi bilen bagly ýagdaýyň doly düşündirilmeginiň zerurlygy bilen ylalaşdylar.

"Erdogan we Trump Haşoginiň ýagdaýynyň ähli taraplaýyn aýdyň edilmeginiň zerurdygy bilen ylalaşdylar" diýip, Türkiýäniň prezidentiniň edarasy 22-nji oktýabrda çap eden beýanatynda habar berýär.

Bu beýanatyň çap edilmeginiň öňüsyrasynda Türkiýäniň prezidenti dissidentiň öldürilmegi bilen bagly ýagdaý boýunça "açyk hakykaty" 23-nji oktýabrda köpçülige mälim etjegini aýtdy.

Başda Riýad 60 ýaşly žurnalistiň Saud Arabystanynyň konsulhanasyny 2-nji oktýabrda sag-salamat terk edendigini aýdypdy, emma soň 20-nji oktýabrda onuň binanyň içinde "ýakalaşma" zerarly ölendigini aýdypdy. Bu düşündiriş global derejede ynamsyzlyk bilen kabul edildi.

21-nji oktýabrda Saud Arabystanyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir Fox News korporasiýasyna beren interwýusynda Haşoginiň ölümine jogapkärleriň "bu ägirt uly düýpli ýalňyş" üçin jeza çekjegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG