Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen graždan aktiwisti we žurnalist Saparmämmet Nepeskulyýewe hüjüm edildi


Türkmen graždan aktiwisti we žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew

Türkmen graždan aktiwisti we žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew hüjüme sezewar edildi.

"Türkmenistanyň Altenatiw täzelikleri" (ANT) neşriniň maglumatyna görä, 19-njy oktýabrda Balkanabat şäherinde Saparmämmet Nepesgulyýew daşlanypdyr. Bu ýagdaý ir sagat 10:45 töwereginde ýüze çykypdyr. Nepesgulyýewiň yzyna düşen üç sany näbelli adamyň biri ony daşlapdyr.

​Žurnalist maý aýynda tussaglykdan boşadylaly bäri gije-gündiz gözegçilik astynda saklanýar. Onuň şäherdäki öýüniň daşynda mydama graždan geýimli adamlar nobatçylyk edýärler diýip, ANT agentligi ýazýar. Maglumata görä, 19-njy oktýabrda Nepesgulyýew azyk satyn almak üçin öýünden çykanda, iki adam onuň yzyna düşüpdir ýene biri "Toýota" kysymly AN4653BN belgili awtoulagda galypdyr. Saparmämmet barýan ugruny üýtgedipdir we kamerasyny işledip olary surata alyp başlapdyr.

"Olar dessine ugruny üýtgedip, yzyna öwrüldiler, men bolsa olardan biriniň yzyndan gidip surata düşürmegimi dowam etdirdim" diýip, ANT žurnalisti sitirleýär.

​"Türkmenistanyň Altenatiw täzelikleri" (ANT) atly garaşsyz neşri we Azatlyk Radiosy bilen işleşen Saparmämmet Nepegulyýew 2015-nji ýylyň tomsunda, hamala ýurtda gadagan edilen neşeli derman saklandygy üçin 3 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. Ol 19-njy maýda üç ýyl türme möhletini tamamlap, türmeden boşadyldy.

BMG-niň eden-etdilikli tussag etmelere garşy işçi topary S.Nepesgulyýewiň bikanun, öz garaşsyz žurnalistlik işi üçin ýanalandygy barada karara gelip, onuň azat edilmegine çagyrypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG