Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew azatlyga çykdy


Saparmämmet Nepesgulyýew

Azatlyk radiosynyň Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew 19-njy maýda üç ýyl türme möhletini tamamlap, azatlyga çykdy, bu barada “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýekti habar berýär.

Читайте также на русском

Azatlyk radiosy we TAH neşiri bilen hyzmatdaşlyk eden S.Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň tomsunda, hamala ýanyndan ýurtda gadagan edilen neşeli derman çykandygy üçin saklanyp, soňra ýapyk sudda 3 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Hukuk goraýjylar we BMG-niň paneli žurnalistiň syýasy sebäpler esasynda tussag edilendigini aýdyp, Nepesgulyýewiň türmede saklanmagyny ýazgaryp çykyş etdiler.

Ol tussaglykdan öň Balkan welaýatyndaky sosial meseleler, ilatyň durmuş şertleri hakynda maglumat taýýarlaýardy.

ABŞ-nyň ýedi kanun çykaryjysy 2016-njy ýylyň iýulynda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Nepesgulyýewiň tussaglygynyň "bikanundygyny aýdyp, ony haýal etmezden azat etmäge çagyryp, hat ýazdy.

Halkara hukuk toparlarynyň, şol sanda BMG-niň eden-etdilikli tussag edilmeler boýunça Işçi toparynyň çagyryşlaryna garamazdan, türkmen hökümeti ony ýapyk sudda berlen türme tussaglygynyň möhletini doldurýança azatlyga goýbermedi.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň eden-etdilikli tussag edilmelere garşy Işçi topary S.Neesgulyýewiň bikanun tussag edilendigi barada netijä geldi we onuň derhal azatlyga çykarylmagyna çagyrdy.

“Saparmämmet özüniň žurnalistiki işi üçin jezalandyrylýar” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Tomas Kent žurnalistiň tussag edilenine iki ýyl dolanda aýtdy.

“Onuň sud diňlenişigi aklawçysyz we jemgyýetçilige açyk däl bir görnüşde geçdi. Biz oňa ýöňkelýän aýyplamalaryň dolulygyna galpdygyna ynanýarys. Ol dessine azatlyga goýberilmelidir” diýip, Tomas Kent sözüne goşdy.

Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” şäherinde ýitirim boldy.

Ol 2015-nji ýylyň 31-nji awgustynda ýapyk görnüşde geçirilen sud diňlenişiginden öň doly izolirlenen görnüşde saklandy. Türkmen sudy ony bikanun neşe serişdeleriniň gaçakçylygynda günäli tapdy. Emma halkara hukuk toparlary Nepesgulyýewe ýöňkelen günäleriň onuň žurnalistiki işi üçin ar almak maksady bilen “toslanyp düzülendigini” aýtdylar.

Türkmenistan hukuk toparlarynyň metbugat azatlygy baradaky halkara hasabatlarynde hemişe yzdaky orunlarda getirilýär we türkmen häkimiýetleri garaşsyz žurnalistleri ýanamakda tankyt edilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG