Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý deňziň üstünden geçýän dünýäniň iň uly köprüsini açdy


Bu köpri Hytaýyň günortasyndaky kenarýaka üç şäheri birleşdirýär: Gong-Kong, Makau we Çžuhaý.
Bu köpri Hytaýyň günortasyndaky kenarýaka üç şäheri birleşdirýär: Gong-Kong, Makau we Çžuhaý.

Hytaý Gong-Kong bilen ýurduň Çžuhaý şäherini birikdirýän we deňziň üstünden geçýän dünýäniň iň uly köprüsini açdy. Bu köpriniň gurluşygy 10 ýyl dowam etdi.

23-nji oktýabrda Hytaýyň Çžuhaý şäherinde geçirilen açylyş dabarasyna prezident Si Jinping gatnaşdy.

Köpriniň uzynlygy 55 kilometre barabar bolup, ol geçiş ýollaryny, geçelgeleri we ýerüsti tunelleri öz içine alýar. Bu köpri Hytaýyň günortasyndaky kenarýaka üç şäheri birleşdirýär: Gong-Kong, Makau we Çžuhaý.

Köpri adaty awtoulag hereketi üçin 24-nji oktýabrda açylar.

Köpriniň gurluşygyna $20 milliard möçberinde maliýe serişdesiniň harçlanandygy çaklanylýar.

Köpriniň gurluşygynda howpsuzlyk meselesi boýunça aladalar bolupdy. Bu proýektiň gurluşygynyň dowamynda azyndan 18 sany işçiniň ölendigi we başga-da ýüzlerçesiniň ýaralanandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG