Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa we Pakistan bilelikdäki harby-tälim türgenleşigine başlady


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Haýber Puhtunhwa welaýatyndaky daglyk sebitde 200 çemesi rus we pakistanly harby bilelikdäki harby-tälim türgenleşigine başlady.

“Družba-2018” harby-tälim türgenleşigine Demirgazyk Kawkaz respublikasy Garaçaý-Çerkezde ýerleşýän moto-atyjylyk brigadasynyň 70 sany harbysy gatnaşýar diýip, Russiýanyň Günorta harby etraby özüniň 22-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda aýtdy.

Bu harby-tälim türgenleşikler 4-nji noýabra çenli dowam eder.

“Družba-2018” (Dostluk) harby-tälim türgenleşigi 2016-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Geçen ýyl Garaçaý-Çerkeziň daglyk regionynda geçirilen harby-tälim türgenleşiklerine 200-den gowrak harby gatnaşypdy.

Bu türgenleşikleriň maksady iki ýurduň harbylarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden, hususan-da terrorizme garşy göreşde professional tejribäni alyş-çalyşmakdan ybaratdyr.

Pakistanyň Haýber Puhtunhwa welaýatynda we Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Garaçaý-Çerkezde yslamçy söweşijiler ýerleşýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG