Gaçgaklykdaky tüçjar Muhtar Ablýazowyň aklawçysynyň erkek dogany, gazak işewüri Iskander Erimbetow korrupsiýa aýyplamalarynda ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Onuň tarapdarlary bu aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar.
22-nji oktýabrda Almatynyň sudy Erimbetowy we onuň üç egindeşini maliýe galplygynda aýyplap, karar çykardy. Tussaglaryň ikisi dört ýyl iki aý türme tussaglygyna, üçünjisi üç ýyl şertli tussaglyga höküm edildi.
Erimbetow we onuň egindeşleri 2017-nji ýylyň noýabr aýynda tussag edilipdi. Olara Ablýazowyň ogurlandygy aýdylýan puly ýuwmakda we galplykda aýyplama bildirilipdi. Ablýazow bilen baglanyşykly aýyplama soňundan aýryldy.
Erimbetowyň dogan-garyndaşlary işewüriň tussag edilmeginiň syýasy matlaplydygyny aýdyp, munuň Ablýazowyň öňki aklawçysy we Erimbetowyň gyz dogany Botagaz Jardemalie basyş etmek tagallalarynyň bir bölegidigini belleýärler.
Jardemalie Belgiýada syýasy gaçybatalga berildi.
Ablýazow 5 milliard amerikan dollaryny ogurlamakda şübhe bildirip, Gazagystan, Orsýet we Ukraina tarapyndan gözlenýär.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!