Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Erdogan Haşoginiň öldürilmeginiň birnäçe gün öňünden 'planlaşdyrylandygyny' aýdýar


Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan

Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan saud arabystanly žurnalist Jamal Haşoginiň öldürilmeginiň birnäçe gün öňünden “planlaşdyrylandygyny” aýdýar.

23-nji oktýabrda türk parlamentinde geçirilen ýygnakda Erdogan Haşoginiň öldürilmeginden bir gün ozal, saud arabystanly agentleriň bir toparynyň Türkiýä gelip başlandygyny aýtdy.

“The Washington Post” neşiriniň synçysy Haşogi öýlenmek üçin resminamalary almak üçin 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsulhanasyna girenden soňra ýitirim bolupdy.

Erdogan şol güni 15 adamdan ybarat saudy toparynyň konsulhana girendigini we olardan üç sanysynyň Stambuldaky Belgrad tokaýyna gezelenje gidendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG