Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Khan Hindistandaky saýlawlardan soň parahatçylyk gepleşiklerine umyt edýändigini aýtdy


Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan
Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan

Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan öz ýurdunyň uzak wagtlyk garşydaşy Hindistanda geçiriljek saýlawlardan soň, oňa parahatçylyk elini uzatmaga synanyşjakdygyny söz berdi.

“Biz saýlawlar geçirilenden soň, Hindistan bilen parahatçylyk gepleşiklerine gaýtadan dolanjakdygymyza umyt edýäris” diýip, Khan Saud Arabystanynda eden çykyşynda belledi.

Bellesek, geljek ýylyň aprelinde ýa-da maýynda Hindistanda umumy-milli saýlawlar geçirilmeli.

Sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde iki ýurduň daşary işler ministrleriniň duşuşygy planlaşdyrylypdy. Emma, Deli – dawaly Kaşmir sebitinde bir hindi serhet gullukçysynyň öldürilmeginden soň – duşuşygy ýatyrypdy.

Şonda, hindi baş diplomaty BMG-de eden çykyşynda Pakistany terroristlere pena bermekde aýyplady. Öz gezeginde, Pakistanyň daşary işler ministri Deliniň “parahatçylyga derek syýasaty saýlaýandygyny” aýdyp, jogap berdi.

XS
SM
MD
LG