Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran saudlary žurnalistiň öldürilmeginden ünsi sowmak üçin, ABŞ-nyň sanksiýalaryna goşulmakda aýyplady


Kuds Güýçleriniň kommandiri Kassem Soleýmani.
Kuds Güýçleriniň kommandiri Kassem Soleýmani.

Eýran Saud Arabystanynyň ABŞ-nyň Tährana garşy girizjek täze sanksiýalaryna goşulyp, Stambulda belli žurnalistiň öldürilmeginden ünsi sowjak bolýandygyny aýtdy.

“Saud Arabystany häzir çykmasy kyn bolan batga düşdi... Saud ýolbaşçylary dünýäniň we regionyň ünsüni özleriniň Stambuldaky konsulhanasynda belli saud žurnalisti Jamal Khaşogginiň öldürilmeginden sowjak bolýarlar” diýip, yslam rewolýusiýa sakçylarynyň Tährandaky howpsuzlyk boýunça ýolbaşçysynyň orunbasary brigadir-general Esmail Kowsari çykyş etdi.

“Olar bu jenaýatyň aňsatlyk ýa-da şular ýaly usullar bilen aradan aýrylmajakdygyny bilmelidirler. Saud liderleri öz hereketleri üçin jogapkärçilige çekilmelidirler” diýip, Kowsari sözüne goşdy.

Mundan öň, saud howpsuzlyk güýçleri sakçylaryň daşarky harby operasiýalaryny amala aşyrýan Kuds Güýçleriniň kommandiri Kassem Soleýmanini we ýene birnäçe ýokary derejeli wekilini, ýagny Hamed Abdollahini we Abdul Reza Şahlaýini gara sanawyna girizýändigini mälim edipdiler.

2011-nji ýylda ABŞ Soleýmanini, Abdollahini we Şahlaýini Saud Arabystanyň Waşingtondaky ozalky ilçisiniň janyna kast etmegini gurnamakda aýyplap, olara garşy sanksiýalary girizipdi.

XS
SM
MD
LG