Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

NATO-nyň başlygy Ýewropada goşmaça ýadro ýaraglarynyň ýerleşdirilmegine garaşmaýandygyny aýtdy


NATO-nyň başlygy Ýens Stoltenberg

NATO-nyň başlygy Ýens Stoltenberg Waşingtonyň we Moskwanyň orta aralykdaky raketalary gadagan edýän ylalaşykdan çykmak ähtimally netijesinde, Ýaranlyga agza ýewropa ýurtlarynyň öz territoriýalarynda täze ýadro ýaraglaryny ýerleşdirmegine garaşmaýandygyny aýtdy.

Stoltenbergiň çykyşyndan dört gün öň prezident Donald Tramp ABŞ-nyň 1987-nji ýylda baglaşylan “Orta aralykly ýadro güýçleri” ylalaşygyndan çykýandygyny mälim edipdi.

NATO-nyň başlygy häzir bu Ylalaşykdan Russiýanyň hem çykmagynyň mümkindigi baradaky howpsuzlyk ähtimallyklaryny seljerýändiklerini belledi.

“Men Ýewropa ýaranlarymyzyň, muňa jogap edip, goşmaça ýadro ýaraglaryny ýerleşdirjekdigine garaşmaýaryn” diýip, Stoltenberg çykyş etdi.

Ylalaşyk ABŞ-a we Russiýa 500-5,500 kilometr uzaklykdaky raketalaryň önümçiligini we ornaşdyrylmagyny gadagan edýärdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG