Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud şazadasy žurnalistiň öldürilmegini “tisgindiriji” atlandyrdy


Şazada Muhammed bin Salman

Saud Arabystanynyň tagt başyndaky şazadasy žurnalist Jamal Khaşogginiň saud konsulhanasynda öldürilmegini “tisgindiriji” atlandyrdy. Bu waka bilen ilteşikli eden ilkinji çykyşynda ol adalatyň üstün çykjakdygyny hem sözüne goşdy.

“Bu hadysa saudlaryň ählisi üçin örän agyr urgy boldy. Bu tisgindiriji bir waka. Muny hiç kim aklap bilmez” diýip, tagt başyndaky 33 ýaşly şazada Muhammed bin Salman aýtdy.

“Munuň bilen ilteşikli ähli kişi jogapkärçilige çekiler... Soňunda, adalat üstün çykar” diýip, ol sözüne goşdy.

Žurnalistiň öldürilmeginden soň, şazada halkara jemgyýetçiligi tarapyndan tankytlanypdy. Käbirler onuň Khaşogginiň Stambuldaky konsulhanasynda öldürilmeginden habarly bolandygyny aýtsalar, beýlekiler hut şazadanyň özüniň bu baradaky buýrugy berendigini öňe sürdüler.

59 ýaşly dissident Khaşoggi şazadanyň ýiti tankytçylarynyň biridi. Ol 2-nji oktýabrda saudlaryň Stambuldaky konsulhanasyna gireninden soň, ýitirim bolupdy.

Saud Arabystany ilki onuň öldürilendigi baradaky maglumatlar ret edipdi. Emma, geçen hepde olar žurnalistiň ölümini tassyklap, muňa saud aňtaw gulluklarynyň resmileriniň jogapkärdigini aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG