Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussaglykdaky Sentsow abraýly Saharow baýragy bilen sylaglandy


Oleh Sentsow Rostow-na-Donuda geçirilen sud diňlenişiginde. 2015 ý.
Oleh Sentsow Rostow-na-Donuda geçirilen sud diňlenişiginde. 2015 ý.

Russiýada tussaglykda saklanýan ukrain kino-režisýory Oleh Sentsow pikir azatlygy üçin berilýän abraýly Saharow baýragy bilen sylaglandy. Sentsow Moskwanyň 2014-nji ýylda Krymy basyp almagyna garşy çykandan soň, rus sudy tarapyndan türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ýewropa Parlamentiniň daşary gatnaşyklar we ösüş kommitetleriniň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçiren ses berilişiginde Sentsow jemleýji tapgyrdaky üç dalaşgäriň arasyndan ýeňiji saýlandy.

Bu baýraga Sentsow bilen birlikde morokkaly aktiwist Nasser Zefzafi we Ortaýer deňzinden Ýewropa aşmakçy bolýan migrantlary halas etmek ugrunda iş alyp baran hökümete degişli bolmadyk guramalaryň topary dalaş edipdi.

Baýragy gowşurmak dabarasy 12-nji dekabrda Strasburgda geçiriler.

Krymda doglan Sentsow 2014-nji ýylda Kremliň ýarymadany basyp almagyna garşy çykypdy. Ol soňy bilen terrorçylyk aýyplamalarynda 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilidi. Sentsowyň özi, hukuk goraýjy toparlary we Günbatar hökümetleri bu aýyplamalaryň syýasy matlaplara esaslanýandygyny aýdýarlar.

Sentsow häzir Russiýanyň uzak demirgazygyndaky Ýamalo-Nenets regionyndaky türmede saklanýar. Ol 14-nji maýda rus türmelerinde, özüniň syýasy tussaglar diýip häsiýetlendiren, 64 ukrain raýatynyň azat edilmegini talap edip, açlyga başlapdy.

Ol türme resmileri tarapyndan zor bilen nahar iýdirilmeginiň öňüni almak üçin, 6-njy oktýabrda açlygyny bes etmeli bolandygyny aýtdy.

Sentsowa berlen baýrak sowet fizigi we dissidenti Andreý Saharowyň hormatyna, Ýewropa Parlamenti tarapyndan 1988-nji ýylda esaslandyrylypdy. Ol adam hukuklaryny we esasy azatlyklary goraýan şahsyýetlere we guramalara berilýär.

XS
SM
MD
LG