Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda nobatdaky konsultasiýalar geçirilýär


ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa boýunça orunbasarynyň kömekçisi wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Emila Puma Duşenbede çykyş edýär, oktýabr, 2018
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa boýunça orunbasarynyň kömekçisi wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Emila Puma Duşenbede çykyş edýär, oktýabr, 2018

25 – 26-njy oktýabrda Aşgabatda Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn ýyllyk geňeşmeleri geçirilýär. Birleşen Ştatlaryň wekiliýetine Döwlet departamentiniň orunbasarynyň Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa boýunça kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Emiliýa Puma ýolbaşçylyk edýär.

Iki ýurduň wekilleriniň arasynda ýyllyk konsultasiýalary geçirmek tejribesi 2009-njy ýylda ýola goýuldy.

Bu geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça, şeýle-de özara gyzyklanma bildirýän beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.

Eýsem, nobatdaky konsultasiýalardan nämelere garaşmaly!?

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer Aşgabatda geçirilýän nobatdaky geňeşmelerden özüniň uly netijelere garaşmaýandygyny aýtdy.

“Men bu duşuşyklardan köp zada garaşmaýaryn. Elbetde, gysga wagtyň içinde netijelere asla garaşyp bolmaz. Şeýle ýygnaklarda resmiler duşuşyp, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary maslahat edýärler” diýip, Panniýer aýtdy.

Emiliýa Puma 23-nji oktýabrda Täjigistana sapar edip, Duşenbede täjik resmileri bilen duşuşyk geçirdi.

Panniýeriň sözlerine görä, şeýle duşuşyklara Birleşen Ştatlaryň regiona çemeleşigi hökmünde bitewilikde ele alynmaly.

“Bu duşuşyklarda käbir mümkinçilikler döräp biler. Türkmen tarapy muňa başgaça çemeleşýändir. Olar köpsanly proýekt üçin daşary ýurtlardan hyzmatdaş gözleýär, daşary ýurtdan goldawçy gözleýär. Şol sebäpden, aýratyn-da dünýädäki uly döwletleriň resmileri gelip görse olar üçin (türkmen resmileri üçin) ýagdaýlar göze ýakymly bolup görünýär” diýip, Panniýer belledi.

“Bu ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklamagyň bir ugry bolup, taraplar özara pikir alyşýarlar, dialogy saklap galmagyň gürrüňini edýärler. Sebäbi gelejekde başga mümkinçilikleriň döremegi mümkin. Biz olary häzirki wagtda öňünden görüp bilmeýäris” diýip, ekspert aýtdy.

Mundan ozalky ýyllarda-da amerikaly resmiler türkmen kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary, regional meseleleri we beýlekileri, şol sanda adam hukuklaryny ösdürmegi, Türkmenistandaky ykdysady we maliýe goýum şertlerini ösdürmegiň ugurlaryny maslahat edipdi.

“Şeýle-de, Birleşen Ştatly resmiler duşuşykda Owganystany, oňa durnuklylygy ornaşdyrmakda Türkmenistanyň oýnap biljek roluny maslahat ederler diýip pikir edýärin. Bular barada aýdylanda Owganystany has köp elektrik energiýasy bilen üpjün etmek barada gürrüň gozgalar. Mümkin, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan barada-da gürrüň gozgalar. Ýöne aýdyşym ýaly, bu duşuşykdan gysga wagtyň dowamynda netije garaşyp bolmaz” diýip, Panniýer belledi.

Birleşen Ştatlaryň wekiliýeti 23-nji oktýabrda Täjigistana eden saparynyň dowamynda ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýy, raýat jemgyýetini we erkin metbugaty ösdürmegiň zerurlygy barada gürrüň gozgapdy.

Panniýeriň pikirine görä, Aşgabatda geçirilýän duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy baradaky meselelerden hem söz açylar.

“Men anyk aýdyp bilerin, bu meseläni gozgarlar. Birleşen Ştatly resmilere Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän saparlarynyň ählisinde bu meseläni gozgaýarlar. Ýöne munuň ileri tutulýan ugurlardan biri hasaplanýandygy ýa-da däldigi başga gürrüň” diýip, Panniýer aýtdy.

Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG