Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Krasnodar Kraýynda suw joşmasy sebäpli alty adam öldi


Hadysanyň ýüze çykan ýerlerinde elektrik togy kesildi; köçeler, şeýle-de azyndan bir köpri weýran boldy.

Rusiýanyň günorta-günbataryndaky Krasnodarskiý Kraý regionynda güýçli ýagyşlar sebäpli dörän suw joşmasyndan azyndan alty adam öldi.

Sebitiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi heläk bolan adamlaryň jesetleriniň regionyň Tuapse we Apşeron etraplaryndan tapylandygyny mälim etdi.

Suw joşmasy sebäpli regionyň 30-dan gowrak şäherdir obasynyň, şol sanda Tuapseniň we Soçiniň müňlerçe binasyna zeper ýetdi.

Hadysanyň ýüze çykan ýerlerinde elektrik togy kesildi; köçeler, şeýle-de azyndan bir köpri weýran boldy.

Suw joşmasy sebäpli ýerli otly we awtobus gatnawlary togtadyldy.

Resmiler regionda adatdan daşary ýagdaýy yglan etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG