Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Seçin: ABŞ-nyň sanksiýalary “dünýäniň nebit bazarynda uly deňagramsyzlygyny döreder”


Rosneftiň başlygy we prezident Wladimir Putiniň ýakyn ýaranlarynyň biri Igor Seçin

Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki nebit läheňi Rosneftiň başlygy ABŞ-nyň Eýrana we Wenesuela girizýän sanksiýalarynyň “dünýäniň nebit bazarynda uly deňagramsyzlygyny döretjekdigini” aýtdy.

Rosneftiň başlygy we prezident Wladimir Putiniň ýakyn ýaranlarynyň biri Igor Seçin sanksiýalaryň netijesinde dünýäde nebit önümçiliginiň pese gaçjakdygyny we bahalarynyň ýokary galjakdygyny aýtdy.

ABŞ Eýranyň nebit pudagyna sanksiýalary girizip, onuň nebit eksportyny “nola” çenli düşürjekdigini aýdypdy. Waşingtonyň bu ugurdaky sanksiýalary 5-nji noýabrda güýje girmeli.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG