Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Russiýanyň BMG-de ýarag ylalaşygyny saklap galmak ses berilişigini böwetlemek ugrunda tagalla edýär


Perşin II kysymly raketa. ABŞ-nyň Günbatar Germaniýadaky bazasy. 1987 ý.

ABŞ Russiýanyň BMG-niň Baş Assambleýasynda 1987-nji ýylda baglaşylan ýadro ýaraglary ylalaşygyny güýjünde saklamak baradaky ses berilişigi geçirmek planlaryny böwetlemek ugrunda tagalla edýär.

Şu hepde ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň bu ylalaşygy 2014-nji ýyldan bäri bozup gelýändigini öňe sürüp, ondan çykjakdygyny aýdypdy.

Rus diplomatlary “Orta aralykly ýadro güýçleri” (INF) ylalaşygyny öz güýjünde saklamak baradaky rezolýusiýanyň taslamasyny 25-nji oktýabrda assambleýanyň ýaragsyzlandyrma komitetine hödürlenendigini mälim etdiler.

Emma, ABŞ şu görnüşdäki rezolýusiýany hödürlemek boýunça soňky möhletiň 18-nji oktýabr bolandygyny aýdyp, ony böwetlemek ugrunda ädim ätdi.

Russiýanyň BMG-däki missiýasynyň metbugat wekiliniň maglumatyna görä, häzir komitet mundan beýläk nähili hereket etmelidigi boýunça umumy nokady tapmak ugrunda iş alyp barýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG