Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanly merhum hukuk goraýjy BMG-niň baýragyny ýeňdi


Pakistanly merhum hukuk goraýjy Asma Jahangir. Arhiw suraty

Pakistanly merhum hukuk goraýjy Asma Jahangir Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary baýragynyň ýeňijisi boldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň prezidenti Mariýa Fernanda Espinosa özüniň Twitter hasabynda bu abraýly baýraga Jahangir bilen birlikde Tanzaniýanyň hökümete degişli bolmadyk guramasynyň esaslandyryjysy Rebke Gýuminiň, braziliýaly aklawçy Joeniýa Wapiçananyň we Irlandiýanyň adam hukuklaryny goraýan “Front Line Defenders” guramasynyň mynasyp bolandygyny aýdyp, ýazgy galdyrdy.

“Men şahslaryň we guramalaryň adam hukuklaryny ilerletmekde we goramakda alyp baran işlerini uly buýsanç bilen ykrar edýärin” diýip, Espinosa belledi.

Jahangire bu baýrak öleninden soň gowşuryldy. Ol 2004-2010-njy ýyllar aralygynda Dini we Ynanç Azatlyklary boýunça BMG-niň Ýörite Reportýory bolupdy. Ol fewralda insult sebäpli 66 ýaşynda aradan çykdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG