Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Balkan döwletleriniň aşpezleri 14,186 sany oladýa taýýarladylar


Bosniýanyň, Serbiýanyň, Makedoniýanyň, Montenegronyň we Sloweniýanyň 140 aşpezi oladýalary taýýarlamak üçin 300 litr ýagy, 600 kilogram uny we 400 litr süýdi ulandylar.

Balkan döwletleriniň aşpezleri rekord derejede oladýa taýýarlandyklaryny aýdýarlar.

Anna güni Saraýewoda geçirilen sekiz sagatlyk marafonyň dowamynda konditer önüminiň 14 müň 186 sanysy taýýarlanypdyr.

Bosniýanyň, Serbiýanyň, Makedoniýanyň, Montenegronyň we Sloweniýanyň 140 aşpezi oladýalary taýýarlamak üçin 300 litr ýagy, 600 kilogram uny we 400 litr süýdi ulandylar. Açyk howada geçirilen bu çärä 15 emin gözegçilik etdi.

Oladýalaryň agramly bölegi bu çärä tomaşa etmäge gelenlere berildi, konditer önümleriniň galan bölegi bolsa, meýletinçilere we mätäçlik çekýänlere gowşurylar.

Aşpezler öz rekordynyň Guinnesiň Rekordlary tarapyndan ykrar edilmegine garaşýarlar. Ozalky rekord 2017-nji ýylda Moskwada goýulypdy. Şonda oladýalaryň 12 müň 716-sy taýýarlanypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG