Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Siriýa bagyşlanan Stambul sammiti tamamlandy


Stambul sammitine german kansleri Angela Merkel, türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, rus prezidenti Wladimir Putin we fransuz prezidenti Emmanuel Makron hem gatnaşdy. 27-nji oktýabr, 2018 ý.

Türkiýäniň, Russiýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleri Siriýada ýüzlerçe müň adamyň ölümine sebäp bolan graždançylyk urşuny BMG-niň howandarlygyndaky syýasy prosses bilen bes etmek baradaky garaýyşlaryny tekrarladylar.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel şenbe güni Stambulda geçirilen sammitden soň, oňa gatnaşyjylaryň “meseläni çözmek ugrunda umumy ymtylmany äşgär edendiklerini” aýtdy.

“Umumy çözgüt harby däl, diňe BMG-niň howandarlygyndaky syýasy prosses bilen tapylar” diýip, ol sözüne goşdy.

Sammite Merkelden başga-da rus prezidenti Wladimir Putin, türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we fransuz prezidenti Emmanuel Makron hem gatnaşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG