Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan telewideniýede ähli hindi maglumatlaryny gaýtadan gadagan etdi


Hindi kinolary Pakistanda we regionda uly meşhurlyga eýedir. Arhiw suraty
Hindi kinolary Pakistanda we regionda uly meşhurlyga eýedir. Arhiw suraty

Pakistanyň Ýokary sudy aşaky kazyýetiň mundan owalky kararyny ýatyryp, ähli hindi tele-kanallaryna garşy girizilen gadagançylygy täzeden güýje girizdi.

Pakistanyň Media gözegçilik edarasy ýurduň media ulgamlarynda “hindi mazmunly ähli maglumatlary togtatmak” baradaky buýrugy ýaýratdy.

Ýerli habar serişdeleriniň maglumatyna görä, muňa Hindistanyň ýurduň demirgazyk böleginde Pakistana akýan derýalaryň akymyny böwetlejek bendi gurmagy sebäp bolupdyr.

Hindi kinolary Pakistanda we regionda uly meşhurlyga eýedir. Bolliwood köp sanly pakistan aýdymçylaryny we aktýorlaryny hem hakyna tutýar.

Pakistanyň Kabel Dolandryş Assosasiýasy gadagançylygy tassyklasa-da, oňa garşy çykandygyny aýtdy.

“Ähli hindi maglumatlaryny gadagan etmek çykalga däl. Munuň deregine, Pakistanyň özüniň tele-kanallarynyň mazmunyny gowulandyrjak bolmaly” diýip, assosasiýanyň başlygy Khalid Arain AFP habar agentligine aýtdy.

XS
SM
MD
LG