Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýanyň 189 ýolagçydan ybarat uçary heläkçilige uçrady


Indoneziýanyň aeroportunda “Lion Air” howaýollary kompaniýasyna degişli uçardaky ýolagçylaryň dogan-garyndaşlary öz reaksiýalaryny bildirýärler.

Indoneziýanyň awiasiýa boýunça häkimiýetleri “Lion Air” howaýollary kompaniýasyna degişli we Jakartadan ýerli uçuş gatnawyny ýerine ýetirýän ýolagçy uçarynyň Günbatar Ýawa bilen Sumatra adalarynyň kenaryndaky Ýawa deňzinde heläkçilige uçrandygyny aýdýarlar. Uçarda 189 sany ýolagçynyň bardygy çaklanylýar.

Ýolagçylaryň arasynda aman galanlaryň bardygy ýa-da ýokdugy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.

Uçardaky ýolagçylaryň, şol sanda ekipaž agzalarynyň sany barada dürli maglumatlar bar. Käbir habarlarda olaryň sanynyň 188-e barabardygy, käbirinde-de 189-a deňdigi aýdylýar.

“Uçaryň heläkçilige uçrandygy tassyklandy” diýip, 29-njy oktýabrda Indoneziýanyň Milli gözleg we halas ediş gullugynyň metbugat wekili Ýusuf Latif ýazmaça ugradan maglumatynda aýtdy.

Uçar paýtagt Jakartadan Pangkal Pinang şäherine uçuşy amala aşyrýardy diýip, howaýollary kompaniýasy aýtdy.

Indoneziýanyň aeronawigasiýa häkimiýetleriniň metbugat wekili Ýohanes Sirait arabaglanyşyk kesilmezden öň, uçaryň yza dolanmagy sorandygyny mälim etdi.

Indoneziýanyň 17000-den gowrak adasy bolup, bu ýurt öz territoriýasyny birikdirmek üçin howa transportyna bil baglaýar.

Soňky ýyllarda Indoneziýada ýowuz howa heläkçilikleriniň birnäçesi boldy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG