Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Moskwada we Sankt-Peterburgda “Täze Beýiklik” protestleri bilen bagly onlarça adam tussag edildi


Moskwada we Sankt-Peterburgda polisiýa ekstremizmde aýyplanýan 10 rus raýatyna garşy gozgalan jenaýat işine garşy rugsatsyz geçirilen protestlere gatnaşan azyndan 68 adamy tussag etdi.

28-nji oktýabrda Moskwanyň Lubýanka meýdançasyndaky Federal howpsuzlyk gullugynyň baş binasynyň daşynda onlarça adam protest geçirdi.

Demonstrantlar paýtagtyň merkezinde ýöriş geçirip başlan mahaly, polisiýa 18 adamy tussag etdi.

Sankt-Peterburgda geçirilen protestler döwründe hem 50 çemesi adam tussag edildi. Olaryň arasynda iki žurnalist hem bardy, ýöne olar soňra boşadyldy. Russiýanyň beýleki şäherlerinde we şäherçelerinde hem kiçi protestler geçirildi.

Bu protestler Russiýada “Täze Beýiklik” atly topara garşy gozgalan sud işi bilen baglanyşykly ekstremizmde aýyplanýan 10 tussaga goldaw bermek maksady bilen geçirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG