Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak häkimiýetleri Internetde terrorizmi propaganda etmekde 10 şübhelini tussag etdi


Gazak häkimiýetleri tarapyndan Internetde terrorizmi propaganda etmekde aýyplanyp, tussag edilen adam

Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komiteti (KNB) Internetde terrorizmi propaganda etmekde şübhe bildirip, 10 adamy tussag etdi.

Gazak Milli howpsuzlyk komitetiniň 29-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, şübheliler geçen hepdäniň ahyrynda ýurduň iň uly şäheri Almatyda, şeýle-de Akmola we Karagandy regionlarynda geçirilen gözleg operasiýalary döwründe tussag edildi.

Beýanatda aýdylmagyna görä, şübheliler “terrorizmi propaganda etmek we dini gapma-garşylygy öjükdirmek” üçin sosial ulgamlaryndan we messenjer tilsimlerinden peýdalandy.

Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň hökümetiniň tankytçylarynyň aýtmagyna görä, häkimiýetler ýurtdaky başga pikirli adamlara basyş etmek üçin ekstremizm aýyplamasyny ulanýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG