Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystanynyň baş prokurory türkiýeli kärdeşi bilen Haşoginiň öldürilmegini maslahat edýär


Žurnalist Jamal Haşogi
Žurnalist Jamal Haşogi

Saud Arabystanynyň baş prokurory Saud al-Mojeb Stambulyň baş prokurory bilen žurnalist Jamal Haşoginiň öldürilmegini maslahat edýär diýip, Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentligi habar berýär.

Türkiýe Haşoginiň öldürilmegi bilen ilteşikli Saud Arabystanynda tussag edilen 18 sany saud arabystanlynyň ekstradisiýa edilmegini isleýär. Haşogi 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsulhanasyna girenden soň öldürilipdi.

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir günäkärleriň şalykda sud ediljekdigini aýtdy.

“Anadolu” habar agentligi al-Mojebiň Türkiýäniň baş prokurory Irfan Fidan bilen duşuşmak üçin 29-njy oktýabrda Stambulyň sud binasyna gelendigini habar berdi. Şeýle-de, habar agentligi saud arabystanly prokuroryň konsulhanada hem derňew geçirjekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG