Täjik kinorežissýory we aktýory Marat Orifow 83 ýaşynda Duşenbede aradan çykdy. Onuň sungat işi sowet döwründe baýraga mynasyp bolupdy.
Orifowyň gyzy Marianna Orifowa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda kakasynyň 29-njy oktýabrda giçlik aradan çykandygyny aýtdy.
Orifow Täjigistanyň tanymal aýdymçysy we aktrisasy Tuhfa Fozilowanyň maşgalasynda 1935-nji ýylda Duşenbede dünýä inipdi.
Ol “Şahyryň ykbaly”, “Gabaw” we “Kawe demirçi ussa” ýaly filmlerde ýerine ýetiren rollary üçin 1960 we 1970-nji ýyllarda uly meşhurlyk gazandy.