Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanda terrorizmi maliýeleşdirmekde aýyplanýan tussag edildi


Yrakda "Yslam döwleti" ekstremistik toparyna degişli ýazgy köçäniň gyrasynda ýatyr. 2017 ý.

Gyrgyzystanda Siriýadaky terroristik toparlara 100 müň dollar möçberinde maliýe serişdelerini ýollamakda güman edilýän tussag edildi.

Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komiteti şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk aýyplanýanyň galp dokumentleri ulanandygyny aýtdy.

Komitetiň maglumatyna görä, gürrüňi gidýän şahsyýet 14-nji oktýabrda tussag edilip, oňa terrorizmi maliýeleşdirmek, dini ýigrenji döretmek, dokumentleri galplaşdyrmak aýyplamalary bildirilipdir.

Gyrgyz resmileri soňky ýyllaryň dowamynda Siriýadaky we Yrakdaky terroristik toparlaryna 500 töweregi gyrgyzystanlynyň goşulandygyny mälim etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG