Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Inguşystanyň Konstitusiýa Kazyýeti ýer ylalaşygy ‘bikanun’ diýýär


Ýer çalyşmak ylalaşygy Inguşystanda gahar-gazaply protestleriň döremegine getirdi.

Russiýanyň Inguşystan respublikasynyň Konstitusiýa Kazyýeti Çeçenistan bilen baglaşylan ýer ylalaşygyny goldamak üçin düzülen kanunyň bikanundygy barada höküm çykardy.

Kazyýetiň bu karary Demirgazyk Kawkazyň iki respublikasynyň arasynda baglaşylan ylalaşygyň geljegini has-da nämälim edýär. Ýer çalyşmak ylalaşygy Inguşystanda gahar-gazaply protestleriň döremegine getiripdi.

Kazyýet özüniň websaýtynda ýerleşdiren maglumatynda bu kanunyň “Inguşystan respublikasynyň territoriýasyny üýtgedýändigi” sebäpli bikanundygyny, şeýle-de bular ýaly ýagdaýlarda referendumyň geçirilmelidigini aýtdy.

Emma, Inguşystanyň ýolbaşçysy Ýunus-Bek Ýewkurow bu ylalaşyk boýunça diňe Russiýanyň Moskwadaky Konstitusiýa Kazyýetiniň höküm çykaryp bilýändigini öňe sürdi.

Ýer ylalaşygy 26-njy sentýabrda Ýewkurow bilen çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň arasynda ýapyk gapylaryň aňyrsynda baglaşylypdy.

Inguşlar ylalaşygyň Çeçenistanyň bähbitleri göz öňünde tutulyp düzülendigini aýdyp, oňa garşy çykdylar. Protestçiler Ýewkurowyň çekilmegini we ylalaşyk boýunça referendumyň geçirilmegini talap edýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG