Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň başlygy Russiýanyň özüni “professional” alyp barmagyna garaşýar


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Russiýanyň harby güýçleriniň we Günbataryň harby ýaranlygynyň ikisi hem bir wagtda, ýagny şu hepde Norwegiýanyň kenaryndaky suwlarda harby-tälim türgenleşigini geçirýän mahaly, Russiýanyň özüni “professional” alyp barmagyna garaşýandygyny aýdýar.

30-njy oktýabrda Norwegiýada NATO-nyň “Trident Juncture” harby-tälim türgenleşigine gatnaşanda Stoltenberg Russiýanyň harby deňiz güýçleriniň 1-3-nji noýabr aralygynda Norwegiýanyň kenarlaryndaky halkara suwlarda raketa synaglaryny geçirmegi planlaşdyrýandygy barada ýaranlygyň geçen hepde habarly edilendigini aýtdy.

Sowuk uruş tamamlanaly bäri NATO-nyň iň uly harby türgenleşigi “Trident Juncture” we Russiýanyň raketa synaglary Günbataryň harby ýaranlygy bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlylygyň saklanyp galýan mahalyna gabat geldi.

NATO Russiýany 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alyp, gündogar Ukrainada barýan konfliktde separatistleri goldamagyny tankyt eden mahaly, Kreml Günbataryň harby ýaranlygyny öz serhetleriniň golaýynda özüni öjükdiriji alyp barmakda aýyplaýar.

Norwegiýanyň öňki premýer-ministri Stoltenberg bu birek-biregimiziň golaýynda “howply ýa-da çylşyrymly ýagdaýy döretmezden” geçirýän ilkinji harby-tälim türgenleşigimiz däl diýip, dartgynlylygy gowşatmaga çalyşdy.

“Şeýlelikde, men Russiýanyň güýçleriniň özüni jogapkärçilikli alyp barjakdygyna we howpsuz hereket etjekdigine doly ynanýaryn. Elbetde, NATO güýçleri babatynda hem şeýle pikir edýärin” diýip, Stoltenberg belledi.

NATO-nyň başlygy ýaranlygyň Russiýanyň raketa synaglaryna gözegçilik etjekdigini hem aýdyp, bularyň “öz türgenleşik planlaryny üýtgetmejekdigini” hem sözüniň üstüne goşdy.

29-njy oktýabrda Norwegiýanyň aeroport we howa nawigasiýa hyzmatlaryny amala aşyrýan “Awinor” guramasynyň metbugat sözçüsi synaglar hakda Orsýetiň NOTAM arkaly uçuş ýolunda mümkin howplaryň bolmagy barada pilotlary habarly edendigini aýtdy.

Guramanyň metbugat sözçüsi Erik Lodding “dpa” habar gullugyna beren interwýusynda munuň “adaty bir maglumatdygyny” mälim etdi.

Russiýanyň raketa synaglary Norwegiýanyň kenarýaka şäherleri bolan Kristiansund, Molde we Alesundyň günbatarynda geçiriler. NATO-nyň “Trident Juncture” harby-tälim türgenleşigi Demirgazyk Atlantikadan Baltik deňzine çenli aralygy öz içine alar.

Stoltenberg bu harby-tälim türgenleşigi Ýewropada howpuň barha artýan mahalynda başarnygyň, jebisligiň we aýgytlylygyň “güýçli alamaty” diýip atlandyrdy.

25-nji oktýabrda başlanan bu harby-tälim türgenleşigi 7-nji noýabra çenli dowam eder. Oňa NATO ýaranlygyna agza 29 döwletden we partnýorlar bolan Finlandiýa bilen Şwesiýadan 50 müň töweregi esger, 10 müň harby ulag, şeýle hem 300-den gowrak uçar we gämi gatnaşýar.

Moskwa tarapyndan tankyt edilen bu harby-tälim türgenleşikde ýaranlygyň haýsy hem bolsa bir agzasyna edilen hüjüme gaýtargy bermäge ezberleşmek maksat edinilýär.

Stoltenberg NATO-nyň harby-tälim türgenleşiklere syn etmegi üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletlerden, şol sanda Russiýadan synçylary çagyrandygyny we türgenleşikler barada Moskwany habarly etmek üçin NATO-Russiýa Geňeşinden peýdalanjakdygyny aýtdy.

Orsýet özüniň “Zapad-2017” atly iň uly harby-tälim türgenleşigini Belarusyň hem gatnaşmagynda 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda özüniň birnäçe NATO ýurtlary bilen serhetdeş bolan günbatar sebitlerinde geçirdi. Geçen aý hem ýene bir uly, ýagny “Wostok-2018” harby-tälim türgenleşigini özüniň merkezi we gündogar sebitlerinde alyp bardy.

XS
SM
MD
LG