Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Prawoslaw kilisesiniň bölünmeginiň netijeleri barada duýdurdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Prawoslaw kilisesiniň bölünmeginiň “örän agyr netijeleriniň” boljakdygyny duýdurdy.

Şu aýyň başynda Konstantinopolyň Älem Patriarhy Warfolomeý ukrain kilisesiniň öz awtokefalyny edinmek haýyşyny ykrar etmek boýunça prossesi dowam etdirmek baradaky kararyny yglan edipdi. Warfolomeý dünýäniň 300 milliondan gowrak prawoslaw hristiýanlarynyň lideri hasaplanýar.

Şol bir wagtda, Ukrainanyň kilisesi rus täsirinden resmi derejede azat bolmak ugrunda tagalla edýär.

Warfolomeý öz kararyny 11-nji oktýabrda yglan edeninden dört gün soň, Russiýanyň Prawoslaw Kilisesi Älem Patriarhaty bilen gatnaşyklaryny kesýändigini yglan edipdi.

“Men bir zady belläp geçesim gelýär: bu ynjyk meselede syýasy oýunlary etmek synanyşyklary, esasan hem muny edýänler üçin, elmydama-da örän agyr netijeleri döredýär” diýip, Putin Moskwada çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG