Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty başlanýar


Aşgabatda Agyr atletika boýunça geçjek Dünýä çempionatynyň resmi nyşany.

Türkmenistanda Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty başlanýar.

1-nji noýabrda agşam sagat 20:00-da başlajakdygy aýdylýan halkara sport çäresi 10-njy noýabra çenli dowam eder we bu halkara sport çäresi Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriler.

Şol bir wagtda, paýtagtda okuwçylaryň, studentleriň we býujet işgärleriniň müňlerçesi çempionatyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk çärelerine gatnaşmaga mejbur edilýär.

Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty ilki Perunyň paýtagty Limede geçirmek planlaşdyrylypdy. Emma ýaryşyň geçirilmeli kompleksiniň gurlup ýetişmändigi sebäpli ony Aşgabatda geçirmek kararyna gelindi.

Agyr atletikanyň Halkara federasiýasy Aşgabatda Agyr atletika boýunça geçjek Dünýä çempionatyna, rekord derejede, ýagny dünýäniň 91 döwletinden 693 türgeniň gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG