Ermenistanyň prezidenti parlamenti dargadyp, irki saýlawlary yglan etdi. Mundan öň, kanunçykaryjylaryň premýer-ministri saýlamak synanyşyklarynyň ikisi hem netijesiz tamamlanypdy.
Prezident Armen Sarkisiýan saýlawlaryň 9-njy dekabrda geçiriljekdigi baradaky karara penşenbe güni giçlik gol goýdy.
Premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji Nikol Paşiniýan irki saýlawlaryň geçirilmegi üçin, geçen aý premýer-ministr wezipesinden çekilýändigini yglan edipdi. Ol täze parlament we premýer-ministr saýlanýança bu wezipede saklanyp galar.
Ermeni Konstitusiýasyna laýyklykda, irki saýlawlar premýer-ministr wezipesinden çekilen we parlamentiň iki hepdäniň içinde bu wezipä täze adamy saýlap bilmedik halatynda geçirilýär.
Ozalky oppozisiýa syýasatçysy Paşiniýan maý aýynda häkimiýet başyna geçipdi. Mundan öň, ençeme hepdeläp dowam eden köçe protestleriniň netijesinde uzak wagtlap häkimiýet başynda bolan, Ermenistanyň Respublikan Partiýasynyň agzasy Serž Sarkisýan wezipesinden çekilipdi.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!