Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystanyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi bilen gepleşikler geçirildi.
Maslahatyň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda, TOPH gaz geçiriji proýekti we “Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň” birinji tapgyry Kerki-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) demir ýoluny ulanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýeri gelende ýatlatsak, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sammitinde eden çykyşynda Owganystana TOPH proýektini gurmaga ýardam bermäge çagyrypdy.
Şol bir wagtda, halkara ekspertleri Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň bu proýektiň amala aşmagyna päsgel berýändigine ünsi çekýärler.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!