Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Başgyrdystanda üç resmi öz kärdeşlerini zorlamakda aýyplanýar


Bagyrt sudy regionyň paýtagty Ufada üç polisiýa ofisserini tussag etmegi buýurdy.

Orsýetiň Başgyrdystan awtonom respublikasynyň sudy regionyň paýtagty Ufada üç polisiýa ofiserini tussag etmegi buýurdy, olar öz kärdeşlerini zorlamakda güman edilýär.

Ufanyň Kirow etrap sudy 2-nji noýabrda Ufa we Karmaskaly etraplarynyň polisiýa başlyklaryny we Ufanyň migrasiýa bölüminiň başlygyny 31-nji dekabra çenli deslapky tussaghanada saklamaly etdi. Bu üç resmi Ufanyň polisiýa bölüminde derňewçi bolup işleýän 23 ýaşly aýaly zorlamakda güman edilýär.

Başgyrdystanyň Içeri işler ministrligi 1-nji noýabrda adam zorlamakda güman edilýän üç resminiň wezipelerinden boşadylandygyny yglan etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG