Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hameneýi ABŞ-nyň Eýrana 40 ýyllap 'aslyşyp, ýeňlendigini' aýdýar


Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hameneýi
Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hameneýi

Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hameneýi 3-nji noýabrda Birleşen Ştatlar ýurduň 1979-njy ýyldaky rewolýusiýasyndan bäri özüniň Eýranyň üstünden eden agalygyny dikeldip bilmedi diýdi. Bu barada döwlet telewideniýesi habar berdi.

"Amerikanyň maksady özüniň (1979-njy ýyldan ozalky) agalygyny gaýtadan gurmak boldy, emma ol başa barmady. Amerika soňky 40 ýylda Eýran Yslam Respublikasyndan ýeňildi” diýip, döwlet telewideniýesi Hameneýiniň müňlerçe student bilen duşuşygynda aýdan sözlerini sitirledi.

Hameneýiniň bu sözleri Birleşen Ştatlaryň 5-nji noýabrda Eýranyň nebit we bank pudaklaryna gaýtadan girizmäge taýýarlanýan sanksiýalarynyň öň ýanyna gabat geldi.

Hameneýiniň başga biri twitinde bolsa, prezident Donald Trampyň Birleşen Şatatlaryň abraýyny “ýere çalandygy” we sanksiýalary gaýtadan girizmek netijesinde iň utulan adam boljagy öňe sürülýär.

Tramp aprelde Birleşen Ştatlary Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykardy we indi bu şertnama netijesinde ýatyrylan sanksiýalary dikeldýär.

Tramp dünýä döwletleriniň Eýran bilen baglaşan şertnamasynyň “elhenç” bolandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG