Tähranda müňlerçe eýranly ýörişe çykyp, 1979-njy ýylda ABŞ-nyň ilçihanasynyň ele geçirilmeginiň ýyl dönümini belledi.
Bu waka Waşingtonyň Tähran bilen diplomatik gatnaşyklarynyň kesilmegine getirdi. Demonstrasiýaçylar Eýranyň paýtagtynda ozalky amerikan ilçihanasynyň ýerleşen ýerinde ýygnanyp, “Ysraýyla ölüm!”, “Ýok bolsun ABŞ” diýip gygyrdylar.
Bu hili çäreler ýurduň beýleki ýerlerinde hem gurnaldy diýip, Eýranyň döwlet telewideniýesi habar berdi.
Demonstrasiýaçylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň şekilinde ýasalan garantgany we Ysraýylyň baýdagyny hem otladylar.
1979-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Eýranyň jeňçi studentleri ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasyna zabt etdiler we, Waşington Eýranyň agdarylan şasy Mohammad Reza Pahlawini Eýranda sud etmäge bermekden boýun gaçyrandan soň, 52 amerikalyny 444 günläp zamunlykda sakladylar.
Şondan bäri bu iki ýurduň arasynda diplomatiki gatnaşyk ýok.