Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan polisiýasy protest mahalynda zorluga ýüz uran ýüzlerçe adama aýyp bildirdi


Pakistan. Protestçiler.
Pakistan. Protestçiler.

Pakistan polisiýasy küpür geplemekde aýyplanyp, ölüm jezasy berlen hristian aýalyň aklanmagyna garşy guralan protestler mahalynda zorlukly hereketlere, ýangyn turuzmaga we wandalizme gatnaşan ýüzlerçe adama garşy aýyp bildirdi.

Berk liniýaly yslamçy partiýa ýurt boýunça protest aksiýalaryny gurnap, esasy ýollary baglady we ýolda duran maşynlara we ýük ulaglaryna ot berdi.

Üç günlük protestler 2-nji noýabrda, hökümet Pakistanyň Tehrik-e Labaik partiýasynyň talaplaryny kabul edip, 54 ýaşyndaky Asia Bibiniň aklanmagyna gaýtadan seretmäge razylyk berenden soň bes edildi. Bibä garşy çykarylan ölüm hökümi 30-njy oktýabrda, Ýokary sud tarapyndan ýatyryldy.

Içeri işler ministrliginiň 3-nji noýabrdaky beýanatynda aýdylmagyna görä, “parahatçylykly protestçi adyna duwlanyp adamlaryň emläklerine zyýan ýetirenleriň, ýaragsyz raýatlary ynjydanlaryň ählisine garşy iş gozgalar”.

Ýurduň iň uly welaýaty bolan Panjabyň polisiýasy müňden gowrak adama dürli jenaýat aýyplamalarynyň bildirilendigini aýtdy.

Paýtagt Yslamabadyň polisiýasy, polisiýa işgärlerini ýaralamak, döwlet emläklerine zyýan ýetirmek bilen bagly, 250 çemesi adama garşy iş gozgandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG