Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýrana “dowamly” basyş etjekdigini aýdýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

Döwlet sekretary Maýk Pompeo Eýran özüni “düzüw döwlet ýaly alyp barmaýança”, ABŞ-nyň Tährana garşy “dowamly” basyş etjekdigini duýdurdy.

Pompeo bu barada Waşingtonyň Eýranyň möhüm pudaklaryna garşy girizen sanskiýalarynyň güýje girmeginiň yzy bilen çykyş etdi.

Eýran BMG-e ýüzlenip, ABŞ-ny ýurduň energiýa, gämi we maliýe pudaklaryna garşy girizen sanksiýalary üçin jogapkärçilige çekmäge çagyrdy. Tähran bu sanksiýalaryň “bikanundygyny” aýdyp, olaryň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna çapraz gelýändigini hem öňe sürdi.

Mundan sähel öň, eýran resmileri haýbatly çykyşlary edip, Tähranyň ABŞ-nyň sanksiýalaryndan “sowa geçjekdigini” aýdypdylar.

Prezident Donald Tramp maý aýynda ABŞ-ny 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygyndan çykarypdy. Waşington Ylalaşygň şertleri Eýranyň ýadro ýaraglaryny öndürmeginiň öňüni alarlyk derejede berk däldigini aýdypdy. Tramp Tährany regiondaky harby zorluklary goldamakda we beýleki “zyýanly” işjeňliklerde hem aýyplaýar. Eýran bu aýdylýanlary ret edýär.

XS
SM
MD
LG