Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Facebook ABŞ resmileriniň duýduryşyndan soň 115 hasaby togtatdy


Facebook
Facebook

Facebook ABŞ resmileriniň bu sosial ulgamynda daşary ýurtlar bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän şübheli hereketler barada duýduranyndan soň, 115 ulanyjynyň hasabyny togtadandygyny mälim etdi.

Mundan öň, ABŞ-nyň howpsuzlyk gulluklary 6-njy noýabrda geçiriljek saýlawlar bilen baglylykda Russiýanyň, Eýranyň we beýleki döwletleriň sosial ulgamlarynda ýalan maglumatlary ýaýratmak synanyşyklaryndan ägä bolmaga çagyrypdylar.

Geçen hepde çap bolan hasabatda 6-njy noýabrdaky saýlawlaryň öňüsyrasynda sosial ulgamlarynda ýalan maglumatlary paýlaşmak depgininiň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryňkydan hem has güýçlüdigi bellenipdi.

XS
SM
MD
LG