Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň Parahatçylyk boýunça Ýokary Geňeşi, “Talyban” Moskwadaky gepleşiklere öz wekillerini ýollarlar


Owganystanyň Parahatçylyk boýunça Ýokary Geňeşi
Owganystanyň Parahatçylyk boýunça Ýokary Geňeşi

Owganystan şu aý Russiýada geçiriljek halkara parahatçylyk gepleşiklerine öz delegasiýasyny ýollajakdygyny mälim etdi. Owgan “Talybany” hem 9-njy noýabrda geçiriljek gepleşiklere öz wekilleriniň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Bu häzir ABŞ-nyň “Talybany” Kabul bilen gepleşiklere çekmek ugrunda tagalla edýän döwri bolup geçýär.

Owganystanyň Parahatçylyk boýunça Ýokary Geňeşi Moskwa özüniň dört wekilini ýollajakdygyny mälim etdi.

“Talybanyň” syýasy edarasy hem Azatlyk Radiosyna bu gepleşiklere gatnaşjakdygy barada maglumat berdi. Emma, olar muny “parahatçylyk ugrundaky resmi gepleşikler” hökmünde häsiýetlendirmeýändigini hem bellediler.

Owganystanyň Daşary işler ministrligi Russiýadaky konferensiýa öz wekilleriniň gatnaşyp-gatnaşmaýandygy barada häzirlikçe belli zat aýtmady.

XS
SM
MD
LG