ABŞ-nyň Döwlet departamenti Eýranyň Çabahardaky uly port proýektini daşy gury ýer bilen gurşalan Owganystan üçin wajypdygy sebäpli sanksiýalara girizmejekdigini aýdýar.
Prezident Donald Trampyň “Günorta Aziýa strategiýasy biziň Owganystanyň ykdysady ösüşine berýän goldawymyzyň, şeýle-de biziň Hindistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygymyzyň wajypdygyny nygtaýar” diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsi 6-njy noýabrda aýtdy.
Eýran geçen ýylyň aýagynda Hindi okeanyndaky porty açdy, ol esasan Hindistan bilen bilelikde gurulýar we, Hindistana Merkezi Aziýa we Afrika bilen söwdada Pakistandan sowa geçmäge mümkinçilik döredip, Owganystan üçin esasy üpjünçilik ýoly bolar öýdülýär.
Eýran bu porty demirýol arkaly Zahedanyň içinden Pakistanyň serhedine, demirgazyk-gündogardaky Maşada, Owganystan we Türkmenistan bilen araçäge çenli baglamagy planlaşdyrýar.
"Bu eglişik Owganystanyň ykdysady ösüşini dikeltmäge berilýän kömege degişli. Bu tagallalar Owganystanyň ösüşine yzygiderli goldaw bermek hem-de ynsanperwerçilik ýardamyny ýetirmek üçin möhüm” diýip, sözçi aýtdy.