Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýe ABŞ-nyň Eýrana garşy dikelden sanksiýalaryna eýermejegini aýdýar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkiýe Birleşen Ştatlaryň Eýranyň nebit we ýük pudagyna garşy dikelden sanksiýalaryny, Waşingtonyň beren alty aý möhleti geçenden soň, ykrar etmez diýýär.

"Bular dünýäni deňagramsyzlaşdyrmagy maksat edinýän ädimler. Biz imperialist dünýäde ýaşamak islemeýäris” diýip, Erdogan 6-nji noýabrda Ankarada žurnalistlere aýtdy.

“Biz bu hili sanksiýalara düýpden boýun bolmarys. Biz 10 milliard kub metr tebigy gaz satyn alýarys. Biz öz halkymyzy sowukda doňduryp bilmeris” diýip, ol aýtdy.

Waşington, 2015-nji ýylda dünýä döwletleri bilen Tähranyň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykanyndan soň, 5-nji noýabrda Eýrana garşy sanksiýalaryny dikeltdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG