Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň wideosy sosial media 'ýaň saldy', köpler ony 'ýaňsa aldy'


Berdimuhamedow ştangaçylyk ukybyny görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:24 0:00

Berdimuhamedow ştangaçylyk ukybyny görkezdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň altyn çaýylan ştanga taýagyny göterip düşen soňky wideosy käbir daşary ýurt media serişdelerini we sosial media ulanyjylaryny gyzyklandyrdy. Köper onuň bu hereketine kinaýaly garady.

26-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Bedimuhamedowa Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty mynasybetli ýurt resmileri altyn çaýylan ştanga taýagyny gowşurdy.

Berdimuhamedow ştanga taýagyny göterenden soň, ýygnaga gatnaşýan ýokary wezipeli resmiler onuň bu hereketini ör turup, uzak wagtlap çapak çalyp gutlady. Bu pursatlary görkezýän wideo şekiller şol gün döwlet telewideniýesinde görkezildi.

Azatlyk Radiosy prezidentiň döwlet telekanallarynda altyn çaýylan ştanga taýagyny göterýän pursatlaryny görkezýän wideo şekilleri ýygnagyň ertesi güni, 27-nji oktýabrda öz web sahypasynda köpçülige ýetirdi. Azatlygyň bu wideosyny dünýäniň iri media serişdeleri, şol sanda BBC kanalynyň Rus gullugy, Britaniýanyň “The Telegraph” neşiri “The Times” neşiri, şeýle-de “Eurasianet.org” ýaly beýleki käbir garaşsyz köpçülikleýin serişdeler hem-de sosial media ulanyjylary internetde giňden paýlaşdy. Azatlyk Radiosynyň beýleki gulluklarynyň internet sahypalarynda-da onmüňlerçe gezek tomaşa edilen bu wideonyň aşagynda internet ulanyjylary dürli teswirleri galdyrdy.

Şeýlelikde, “ýyldyrym çaltlygynda” köpçülige ýaýran wideo görnüşler tomaşçylaryň arasynda giň seslenme döretdi.

“Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty – 2018 geçirilýär. Öwgä suwsan prezident Berdimuhamedow özüne has köp ünsi çekmek üçin bu pursatdan tomaşa mahsus häsiýetde peýdalandy” diýip, Eurasianet neşiriniň “Ahal Teke - Türkmenistan çaparynda” çap edilen hepdelik makalada aýdylýar.

“Türkmenistanda hökümet hem-de halk özlerine degişli tölegleri töläp bilmeýän wagty, Aşgabat ýene-de sporta we dereksiz gurluşyklara pul eçilýär” diýip, makalanyň girişinde aýdylýar.

Saýtyň Merkezi Aziýa boýunça redaktory Peter Leonard agzalýan wideony Twitterde paýlaşdy:

“Türkmenistanyň prezidenti altyn agram göterdi, kabinet oňa çapak çaldy. Bu tutgaý haçanam bolsa bir wagt gutararmyka?”, diýen sorag bilen ol ýüzlenýär.

“[Taýak] altyndan bolsa gutarmaz” diýip, başga bir ulanyjy oňa jogap gaýtarýar.

“Bularyň özleri karikatura. Baryp ýatan satira” diýip, ýene-de bir Twitter ulanjysy wideony teswirleýär.

“Bu näme? Game of Thrones, [ýagny Tagt] oýunlarymy?” diýip, beýleki bir ulanyjy soraga sorag bilen jogap berýär.

BBC kanalynyň Rus gullugy Azatlygyň wideosyndan alnan pursatlary öz taýýarlan wideosyna çatyp, ony 2-nji noýabrda Facebook sahypasynda paýlaşdy.

Facebook ulanyjylarynyň biri ştanga taýagyny göterýän türkmen prezidentiniň wideosynyň aşagyna “Türkmen halkyna gynanýaň...” diýen ýazgy galdyrdy. Beýleki bir Facebook ulanyjysy: “Olar oňa öwrenişdi” diýip, jogap berdi.

Azatlyk Radiosynyň Facebook sahypasynda paýlaşylan bu wideony onmüňlerçe adam görüpdir. Olaryň hataryndan biri: “bolar bolmaz zatlar [oýnamagyň deregine] halkyň halyna seretse” diýen ýazgy galdyrypdyr.

Prezidentiň ştanga taýagyny göterip düşen wideosy bilen bagly çap eden makalasynda “The Times” Türkmenistanyň ykdysady çöküşi başdan geçirýändigine, 12 ýyldan bäri ýurtda höküm ýöredýän Berdimuhamedow döwründäki tankyda çydamsyzlyga ünsi çekýär.

The Telegraph” neşiri agzalýan wideony paýlaşyp, Berdimuhamedowyň “iş bitirýän” wagty kabinet ministrleriň çapak çalandygyny belleýär.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda Berdimuhamedowyň şahsyýet kultynyň dabaralanýandygyny, ýurtda adam hukularynyň ýagdaýynyň kemsidilýändigini, metbugat azatlygynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Dünýä metbugat serişdeleri mundan ozal Berdimuhamedowyň geçen ýylyň awgustynda özüniň "harby ussatlygyny" görkezip düşen wideosyna jemgyýetçiligiň ünsüni çekipdi.

Mundan başga-da Berdimuhamedow wagtal-wagtal aýdym aýdyp, saz çalyp, sport ulaglaryny sürüp, ýa-da söküp-düzüp döwlet telewideniýesinde çykyş edýär.

XS
SM
MD
LG