Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň demirgazygynda bolan ganly türme gozgalaňynda emçeme adam öldürildi


Hojand şäherindäki türme
Hojand şäherindäki türme

Ýerli häkimiýetlere ýakyn çeşmeler 8-nji noýabrda Azatlyk radiosyna Täjigistanyň demirgazygyndaky Hojand şäheriniň türmesinde gije bolan gozgalaňda azyndan 22 adamyň öldürilendigini habar berdiler.

Çeşmeleriň maglumatyna görä, polisiýanyň goşmaça güýçleriniň iberilmegi bilen basylyp ýatyrylan gozgalaňyň näme sebäpden turandygy aýdyň däl.

"Tussaglaryň birnäçesi pyçak bilen ýaraglandy, olaryň käbiri öldürildi, käbiri bolsa gaçyp sypmagy başardy” diýip, çeşmeleriň biri aýtdy.

AFP habar gullugy ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp, çaknyşyk wagtynda 20 töweregi tussagyň, iki türme sakçysynyň öldürilendigini habar berdi.

Öldürilen türme goragçylarynyň biri, 29 ýaşyndaky Ehson Yokubowyň jesedi 8-nji noýabrda dogduk obasyna, Pastihawa getirildi diýip, obaly Şohkarim Muhammadiýew Azatlyga aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylar Azatlyk radiosyn türmäniň territoriýasyndan gelýäntüpeň seslerini eşidendiklerini aýtdylar.

Düzediş edaralarynyň Hojand müdirligi ok atýan ýaraglaryň ulanylandygyny ret etdi, emma datdan daşary ýagdaýy tassyklady.

Şäher hökümeti türmede gozgalaň bolandygyny tassyklady, emma goşmaça maglumat bermedi.

Ýerli ýaşaýjylar polisiýanyň şäher bilen baglanyşýan ýollary we goňşy Özbegistan we Gyrgyzystan bilen baglaýan uly ýollaryň ählisini baglandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG