Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Kaliforniýada bolan atyşykda 13 adam öldürildi


Günorta Kaliforniýadaky barda bolan atyşyk netijesinde 13 adam öldi.

Şerif 7-nji noýabr güni giçlik Günorta Kaliforniýadaky barda toplanan mähelle oka tutulanda, 13 adamyň, şol sanda şerifiň orunbasarynyň we güman edilýän ýaragly adamyň hem öldürilendigini aýdýar.

Los Anjels şäherinden 40 mil çemesi günbatarda ýerleşýän Thousand Oaksda, Borderline Bar & Grill naharhanasynda bolan hadysada köp adam ýaraly boldy.

Şerif Geoff Dean orunbasary Ron Helusyň wakanyň bolan ýerine baryp, binanyň içine girende tüpeňlenendigini aýtdy. Ol 8-nji noýabr güni irden hasshanada jan berdi.

Häkimiýetler ýaragly adamyň özüniň nähili ýagdaýda ölendigini aýtmadylar.

Dean 10 çemesi adamyň ok ýarasyny alandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG