Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda hökümetiň gymmatbaha gurluşyklaryndan kim näme peýda görýär?


Aşgabatda gurulýan gymmatbaha myhmanhana.
Aşgabatda gurulýan gymmatbaha myhmanhana.

Türkmenistanda soňky ýyllarda millardlarça dollar döwlet serişdesine durýan desgalar guruldy we gurulýar. Döwlet eýeçiligindäki metbugat bu hili taslamalaryň bahalary, gurlup ulanmaga berlen desgalaryň enkäk işläp başlamanka alan halkara sertifikatlary, hatda Ginnesiň rekordlar kitabyna girendigi we beýlekiler hakynda maglumat bermeýär.

Türkmenistan krizis döwri kaşaň myhmanhana gurýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

Emma resmi mediada ol desgalar gurlan wagtynda we ulanmaga berlenden soň raýatlaryň bu gurluşyk netijesinde alan iş, gazanç mümkinçilikleri hakynda anyk zat aýtmaýar.

Şol bir wagtda, ýurtda ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, Halkara maliýe guramasy türkmen hökümetine döwlet harajatlaryny azaltmagy maslahat berýär.

Emma muňa garamazdan, türkmen hökümetiniň tankytçylary tarapyndan korrupsiýanyň esasy çeşmesi hökmünde ýazgarylýan gymmatbaha gurluşyklar doly güýjünde dowam etdirilýär we bu barada resmi metbugatda dabaraly habarlar çap edilýär.

Eýsem, Türkmenistanda şeýle uly tutum bilen alnyp barylýan gurluşyk taslamalaryndan kim we näme peýda görýär? Bu barada delilli pikirleriňize garaşýarys.

XS
SM
MD
LG